Düzümi:
Eridijileriň goşulmagy bilen gliofal lakdaky pigmentleriň we dolduryjylaryň suspenziýasy
Reňki:
açyk çal, gyzyl-goňur
Sarp edilişi*:
12-20 m²/l
* Materialyň sarp edilişi esasyň taýýarlanyş hiline, çalyş usulyna baglydyr.
«Bergauf» alkid grunty dürli emallar bilen örtmezden ozal, atmosfera şertlerinde we jaýyň içinde ulanylýan metal, agaç ýüzlerini gruntlamak üçin niýetlenendir.
Bellenen reňk palitrasynda öndürilýär: açyk çal, gyzyl-goňur
Ulanylmazdan ozal grunty gowy garyşdyrmaly we zerur bolsa, uait-spirit bilen işçi şepbeşikligine çenli suwarmaly. Grunt pnewmatik pürküji, çotga, walik, batyrmak, akymly guýmak arkaly çalynýar. Boýaljak ýüzi öňünden hapa, pos, gopan köne boýagdan arassalamaly, ýagsyzlandyrmaly we guratmaly.
Gurama:
24 sagatdan soň doly guraýar (howanyň temperaturasy 20±2°C, howanyň otnositel çyglylygy 50% bolanda).
Saklanylyşy
Original, dykyz ýapylan gabynda, salkyn we çagalaryň eli ýetmejek ýerinde saklamaly. Kepillik saklanyş möhleti 24 aý.
Utilizasiýa
Kanalizasiýa, suw howdanlaryna, ýere dökmeli däl. Gapdaky grunt galyndylary doly gurandan soň, ol dykyz ýapylan gapda hojalyk ýa-da gurluşyk zibili hökmünde utilizasiýa edilip bilner.