Düzümi:
Stirol-akril dispersiýasy, mineral dolduryjylar, pigmentler, funksional goşundylar, suw
Reňki:
Baza A - ak, Baza C - dury
Ýalpyldawuklyk derejesi:
Çuňňur mat
Siňdirmeýän ýüz boýunça 1 gatlak üçin sarp edilişi:
6 - 8 m²/l*
Siňdiriji ýüz boýunça 1 gatlak üçin sarp edilişi:
4 - 6 m²/l*
Gurama wagty:
1 sagat**
Indiki gatlagy şu wagtdan soň çalyp bolar:
12 sagat**
Ulanylanda esasyň temperaturasy:
+5 °C-den 35 °C-e çenli
Atmosfera ygallaryna durnuklylygy:
24 sagat
*Sarp edilişine boýalýan ýüzüň büdür-südürligi we öýjükli bolmagy, şeýle hem çalmagyň usuly we şertleri täsir edýär.
**t (+20 ± 2)℃ we howanyň otnositel çyglylygy (65±5)%-den köp bolmadyk ýagdaýynda. Howanyň temperaturasy +15 ℃-den pes we howanyň otnositel çyglylygy 65%-den ýokary bolanda gurama wagty uzalyp biler - indiki gatlagy 24 sagatdan ir bolmadyk wagtda çalyň.
Fasad akril boýagy mineral fasadlary we sokollary boýamak üçin, şeýle hem kadaly we ýokary çyglylykly jaýlar üçin niýetlenendir. Binalaryň sokollarynda esasyň tarapyndan çyglylygyň kapillýar sorulmagy aradan aýrylmalydyr.
Çyglylyga, ygallara, UB-şöhlelenmesine, aşgar erginlerine, kärhanalaryň we şäherleriň senagat gurşawyna durnukly örtük emele getirýär. El bilen we maşyn bilen çalmak üçin amatlydyr.
Boýag 2 sany baza — A we C görnüşinde öndürilýär. Suw esasly reňkleýji pastalaryň kömegi bilen reňklemek mümkindir. Baza A açyk we pastel öwüşginlere reňklemek üçin niýetlenendir, şeýle hem ak boýag hökmünde ulanylyp bilner. Baza C diňe reňklenen görnüşde ulanylýar we doýgun öwüşginlere reňklemek üçin niýetlenendir.
Baza C esasynda açyk reňklere boýalanda, öňünden meňzeş öwüşgine reňklenen Baza A boýag gatlagyny çalmak maslahat berilýär. Boýagy reňklemek NCS, RAL we beýleki reňkleme ulgamlaryna laýyklykda amala aşyrylyp bilner.
Bir ýüzde öwüşgin tapawutlarynyň öňüni almak üçin partiýa belgisi birmeňzeş bolan önümi ulanmaly (gaplamasyna serediň) ýa-da dürli partiýalaryň materiallaryny öňünden 1:1 proporsiyasynda garyşdyrmaly. Reňklemegiň netijesi üçin jogapkärçiligi reňklemegi ýerine ýetirýän gurama çekýär.
Çalşyň şertlerine, şeýle hem boýalýan ýüzüň fakturasyna baglylykda, reňkleriň hakyky öwüşginleri reňk katalogynda görkezilenlerden birneme tapawutlanyp biler. Ulanyp başlamazdan ozal synag çalşyny ýerine ýetirmek we guradylan örtügiň reňke laýyklygyny barlamak zerurdyr.
Saklama we daşama şertleri
Bekli gapda +5°-den pes bolmadyk we +40°C-den ýokary bolmadyk temperaturada saklamaly we daşamaly. Önümli bedräni aşa gyzmakdan goramaly we göni düşýän gün şöhlesiniň aşagynda saklamakdan gaça durmaly. Şertler berjaý edilen ýagdaýynda, ýapyk zawod gabynda kepillikli saklama möhleti öndürilen gününden başlap 24 aýdyr.
Howpsuzlyk
Önüm ýangyn we partlama howpsuzdyr, düzüminde ýeňil tutaşýan komponentler ýokdur.